Gyz dostuma bagyşlap...

Ilki taryp etjek seniň edebiň,
Akylly, sadadan edebiň bardyr.
Seniň derejäňe her gün ýetmäge,
Görip duşmanlaryň elmydam zardyr.

Saňa arzuw etjek şulary ine,
Ilki bilen seniň ynamyň bolsun.
Durmuşda ýokary galmagyň üçin,
Seniň seriň güýçli bilimden dolsun.

Bilim bilen alarsyň sen her zady,
Ýöne onuň üçin gowşatma bady,
Diýerler:
"Bu gyzyň gudraty barmy?!"
Köp zähmet çek!
Şeýle bolmak isleseň!

Maşgalaňa direg gyzlaň biri bol,
Uzatma!
Her nadana kömek gol.
Bilýäňmi sebäbin nämüçin şeýle,
Özge ýanda gepiň etdi öňem ol.

Beýik bagt nesip etsin Allahym,
Hiç haçanam zaryn ýeke aglama.
Özüňde çuň bilim bolany bilen,
Bilimsiz tentege bagtyň baglama.

Ahyrky setirde ýekeje sözüm,
Ak ýürekden bagtly durmuş dileýän.
Seň üçin dünýäde ähli gowlugy,
Ýadygärlik şu goşguda belleýän.

Rahymberdi Suhanow