İnternetde Tanyşdyk

Sen maňa ýazdyň, menem saňa
Bahar internetde tanyşdyk
Ýazyldy günbe-gün köp hatlar
Şeýdip, has güýjedi tanyşlyk

Gatnady yz üzülmän hatlar
Hatlar yzy, jaňlar alyşdyk
Tanyşlyk yzy ýazdy söýgä,
Bile ýürekleri çalyşdyk

Ne meni gördiň, ne men seni,
Diňe hyýallarda görüşdik
Şatlygy has, köpräjik paýlap,
Gaýgyny-da deňje bölüşdik

Diňe hyýallarda duşuşyp,
Kyn günde kömege baryşdyk
Ara bolsa-da müňlerçe metr
Ýürekler ýakyndy garyşlyk

...Ýöne güýz aýralyk diýýärler,
Birden aralary açyşdyk
Güýzde tänen ýaprak mysaly...
Güýzde bir-birekden gaçyşdyk...

Awtor:Ylham Gurbanalyýew