Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň!

Durmuş agyr bolsa akdyrmaň ýaşy
Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň!
Bahar geler, ötürseň aňzak gyşy
Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň!

Hökümi zor bolsa, çözüler buýruk
Bähbidi bar diýip bolmagyn guýruk
Wyždanyň päk sakla, bolmasyn çüýrük
Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň!

Zähmeti halal bor derden geçenler
Niýeti kemal bor, şerden geçenler
Kaýda namys üçin serden geçenler?
Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň!

Götermäň sarpasyn serpaý-halatlyň
Itermäň sarpasyn bir paý guratlyň
Çalyşmasyn orny köýnek-balaklyň
Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň!

Garyp dogulsaň, baý bolup ötse bor
Halallyk bilen arabaň itse bor
Sogapda ýaryş!
Jennete gitse bor
Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň!

Lukma bolmaz hiç ,minnetli azykdan
Akar bolmaz hapa akan arykdan
Şükür ediň maňlaýdaky ýazykdan
Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň!

Geljek bilinmez, el berme gurbata
Ölçer ilki, höküm sürme haýbata
Erkekmiň-erkek.
Ýanaşma gybata
Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň!

Maksat tutup myradyňa ýetmeli
Başarsaň Hak parzyn berjaý etmeli
Baky däldir hiç kim, bir gün gitmeli
Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň!

Ylham_Gurbanaly