Güller reňbe-reň açylypdy, miweli agaçlar tebigatyň gözelligine
görk goşýardy. Çagalar şatlanyp, guşlar pelpelläp uçuşyp,
derýalar joş urýardy. Dünýä özboluşly gözellige beslense-de,
bagtsyzdy. Sebäbi onuň üstünde örän aýylganç wakalar bolup
geçýärdi.
Adamlar özlerine sansyz nygma1tlary eçilen beýik Biribary
unudypdylar. Olar Ýaradana däl-de, başga zatlara tapýardylar.
Biri oda çokunsa, ýene biri Güne tapýardy, kimsi-de sygra
çokunýardy. Adamlar daşdan, agaçdan ýonup ýasan şekillerinden
medet isleýärdiler. Olaryň çokunýan zatlaryna «but» diýilýärdi.
Ýogsam, daşy, ody, agajy, sygry we Güni ýaradan Allady.
Aslynda diňe Alla ybadat edilmelidi.
Baýlar garyplaryň hakyny iýýärdi, hiç kim gyz çagasynyň
dogulmagyny islemeýärdi, pukaralar hiç hili äsgerilmeýärdi.
Garrylara kömek edýän bolmansoň, olaryň günleri kyndy.
Hassalaryň halyndan habar alýan ýokdy. Ne-hä kada-kanuna
boýun bolunýardy, ne-de adamlara hormat goýulýardy. Jennet
ýaly gözel ýerlerinde beýle günä işlere baş goşýan nadanlary
Ýeriň çydam edip göterişine haýran galmalydy!
Beýik Alla hz. Adam atadan (a.s) bäri gaty köp pygamber
iberipdi. Pygamberler adamlary Alla ybadat etmäge çagyrypdylar,
olara dogry ýoly görkezip, ýagşylykdan, halallykdan aýrylmazlygy
ündäpdiler. Emma adamlar ýene-de şeýtana uýup, pygamberleriň
Alladan getiren buýruklaryny unudypdylar. hz. Isanyň (a.s)
ýagty jahana iberileninden bäri bäş asyrdan hem köp wagt geçipdi. Bütin dünýä adalatsyzlyklara, zulumlara, ýamanlyklara
«Besdir!» diýip biljek pygambere garaşýardy. Ol pygamber
bütin dünýä adalaty, parahatçylygy we ýagşylygy getirmelidi.
Emma ol haçan gelmelidi?!