Eý­sem, gy­zyk­ly ki­ta­by okap, wag­ty­ňy ge­çir­mek­den oňat lez­zet bo­lup bi­ler­mi­kä? Bi­ler­men­ler zäh­met rug­sa­dy döw­rün­de şeý­le dynç al­şyň peý­da­ly ta­rap­la­ry­ny tas­syk­la­dy­lar. Ge­çi­rilen bar­lag­la­r­da ki­tap oka­ma­gyň peý­da­sy­nyň ulu­dy­gy ýü­ze çy­kar­ylyp, zäh­met rug­sa­dy döw­rün­de ru­hu­ňa ýa­kyn gy­zyk­ly ki­tap­la­ry oka­mak mas­la­hat be­ril­di. Ne­ti­je­de, ki­tap oka­ma­gyň bäş esa­sy peý­da­sy ýü­ze çy­ka­ry­lyp­dyr:

1. Ki­tap oka­mak ra­hat­lan­dyr­ýar. Ki­tap oka­lyp baş­la­nan­dan az wagt soň­ra, yn­sa­nyň 70 gö­te­ri­me çen­li ru­hy çök­gün­li­gi ara­dan aý­ry­lyp, pi­ki­ri dur­lan­ýar. Hut şo­nuň üçin hem ki­tap okap ra­hat­lan­mak has amat­ly.
2. Gy­zyk­ly ese­rle­ri oka­mak siz­de tä­ze pi­kir­le­ri we mak­sat­la­ry dö­red­ip, daş­ky dün­ýä­niň tä­si­rin­den wagt­la­ýyn ha­las ed­ýär.
3. Şäh­di­ňi açyp, göw­nü­ňi gö­ter­ýär. Ki­tap adam­la­ryň 60 gö­te­ri­mi­niň ru­hy ýag­da­ýy­ny saz­lap, olar­da şat­lyk we bag­ty­ýar­lyk ýa­ly duý­gu­la­ry oýar­ýar. Ki­tap­da­ky gah­ry­man­la­ryň geň-taň yk­bal­la­ry oky­jy­da çyn­la­kaý gy­zyk­lan­ma dö­re­dip, oka­ma­ga bo­lan hö­we­si­ni has-da art­dyr­ýar.
4. Yn­san ki­tap okap dynç al­ýan wag­ty bel­li bir de­re­je­de eser­dä­ki gah­ry­man­la­ryň dur­mu­şyn­da ýa­şap, ola­ryň gy­nan­jy­na gy­na­nyp, şat­ly­gy­na şä­rik bol­ýar. Şeý­le­lik­de, ki­tap oka­mak beý­le­ki adam­la­ra dü­şün­mä­ge kö­mek edip, beý­ni­niň baş­ga bi­ri­niň dün­ýä­si­ne dü­şün­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýer­le­ri­ni iş­jeň­leş­dir­ýär.
5. Bi­ler­men­ler uku­sy­ny alyp bil­me­ýän­le­re ýat­maz­dan öň, ki­tap oka­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler. Hat­da az wagt­lyk ki­tap oka­mak hem ada­myň nerw ul­ga­my­ny ra­hat­lan­dy­ryp, go­wy uk­la­ma­gy­na kö­mek ed­ýä