Taşlap gideňsoň...

Seniň şo-ol owadan keşbiň ýadymda,
Çykanok adyňam meniň kalbymdan.
Birdenkä üýtgedi öňki boluşyň,
Neçündir eliňi çekdiň bagtyňdan.

Gitmeli däldiň sen meni terk edip,
Söýgümizi gözýaşlara gark edip,
Indi ony gurup bolmaz berk edip,
Oýlandyňmy başlar öýdüp başyndan?!

Setire geçirip ýüregmiň ahyn,
Aýralyga bagyşlandy şu goşgym.
Indi senli günler bolupdy ahyr,
Ýalňyzlyga öwrülipdi meň yşgym.

Öýderdim söýgümiz eder diýp dowam,
Taşlaňsoň üýtgedi dem alýan howam.
"Ýaşlar toý tutýar!" diýp begenşip,
Garaşdy umytly mähriban obam.

Toý bolmady, ony öwürdiň ýasa,
Şondan soňra ýüregim hem boldy doň.
Men indi ynanman asla hiç zada,
Umydym ýitirdim, taşlap gideňsoň.

(Dostumyň haýyşy üçin)

Rahymberdi Suhanow