
Abdy Dayy Yza Yol Yok feat Vagrant BlueStar Remix.mp3
Sözleri:
Düşer içime bir dem
Şatlyk we Gam, ýuwaşdan dam
Köl bolup gideli ýör baglaryň gyrasyndan
arasyndan
Atdymy daň
Güneşiň sarysyndan
Öwrüldi garasyna
Bir görsem ömrümiň arasynda
Bakyp dur dünýäniň gyrasyndan
Hemme zat geçip barýa
Geçip barýan
Dünýäni saklabam bolonok
Düşüp
Galaýyn diýsemem saklap bolonok
Sagatlar kesip barýa
Depip barýan kirli palçykdan
Daşly gumlar boş oglanlar
Ýene düşdümi bu gije
Eje
Ýene düýşdemi bu eje
Geçdimi ýyllar,ýyllar bilmän durkam
Geçipdir ýyllar ýyllar irden tursam
Gözledip yza ýol barmy ýa-da ýok,
Ýöne yza ýol ýok,ýöne yza ýol ýok
Kelleden gün geçýänçe, çagalyk geçdimi
Eje dyzlam ýene gan, ýaralar geçdimi
Näçe güýz gyşy geçdimmi,çyndanam geçdimi
Gizlendim tapmadylar
Bir çaga geçdimmi
Kelleden gün geçýänçe, Ýaralar geçdimi
geçdimiii, geçdimiii
/Abdy Dayy/
Men dädemiň ýanynda däde boljak
Çaltyrak ulalyp doktor boljak, Kazy boljak
Pasylaň ýazy boljak
Ýok men birden hiç zat bolmasam adam boljak
Däde menem sen ýaly ýada boljak
Ýykylsa birden ol ýara boljak
Sara gowja
Gitsin ol bulutlar bilen
Älemgoşarlar umytlar bilen
Ýatlaly bile, oýnamak süýji
Gutarmaz süýjini çagalyk güýji
Bu ýatladar hökmen
Geçmersiň bökmän
Dişleri dökmän
Ulalmarys hijem
Ýene düşdimi bu gije eje
Ýene düşdimi bu gije eje
/Vagrant/
Geçdimi ýyllar,ýyllar bilmän durkam
Geçipdir ýyllar ýyllar irden tursam
Gözledip yza ýol barmy ýa-da ýok,
Ýöne yza ýol ýok,ýöne yza ýol ýok

