Garaşamok / Nurmuhammet HAŞYROW

Barlykdan has alyslarda,
Köpçülige ýaraşamok.
Meniñ dünýäm üýtgeşik-dä,
Hiç kim oña ýaraşanok.

Bähbit tapansoñ haramdan,
Durmuş kyn eken garandan,
Duzy akydyp ýarañdan,
Giden üçin, göreşemok.

Kim oñ hötdesinden geler?
Aglap, kemsinenler biler,
Irden kemsidenler bilen,
Agşamlary gülüşemok!

Çykaransoñlar ýadyndan,
Aýlanmasynlar adymdan,
Ýakynymdan hem ýadymdan,
Hemaýata garaşamok!

+993 65 144393