Bagyşlansyn kir-kimirli hatalar,
Göwni ýykan, ötünjini sorasyn,
Bäş günlijek sanalgyja ömürde,
Dert-beladan Allañ özi gorasyn.

Ýygy-ýygy sorap aman-esenlik,
Arka boluñ, ýykylana, ejize!,
Amanadyñ alynmanka eliñden,
Berlewersin, bagtdan paýly nesibe.

Kine bilen garamasyn dideler,
Aladalar unudylsyn gursakdan,
Päk niýetler sabyr bilen dostlaşyp,
Lezzet bersin iñ bir ýagşy pursatda.

Dilegmizi kabul etsin Hak Alla,
Rehimi inewersin guluna,
Köp ynsanyñ akly biraz kemäpdir,
Haky undyp, daýanýalar puluna.

Emma welin iñ bilmeli zadymyz,
Dowul bilen açylmasyn gapylar...,
Zikir bilen örüñ, dogan säheri,
Saglyk bolsa galanlary tapylar...

Awtory: Baýram Bejidow