Ýolbars  bir gezek bar haýwanlary öýüne myhmançylyga çagyrypdyr , gowy edip stoly  bezäpdir , ýöne diñe kalbasa almak ýatdan çykypdyr , ýolbars: 
-pul bereýin welin biriñiz derrew kalbasa alyp geliñ  diýip haýwanlara ýüzlenipdir . Haýwanlañ arasynda kyrk aýak : 
- men gidäýindä diýip öñe çykypdyr. Şeýdip kyrk aýagy kalbasa almaga ugradypdyrlar. Ýarym sagat geçipdir kyrk aýak gelmändir , 1 sagat geçipdir kyrk aýak gelmändir, 7 Sagat  geçipdir kyrk aýak gelmändir. Ahyr soñy ýolbars: 
- bar tilki kyrk aýagyñ yzyndan gitsene , sen şulañ arasynda iñ Çalt ylgaýany diýipdir. Tilki kyrk aýagyñ yzyndan gidipdir . Tilki öýden çykypdyr welin gapyñ agzynda kyrk aýak dur diýýär. Tilki oña sen entegem gideñokmy diýse. Kyrk aýagam: 
- garaşsanaý ýañy 39-njy ketimi  geýdim diýýämiş

Отредактировано Admin (2021-09-11 11:22:56)